Apple MacBook-y özbaşdak bejermek üçin ähli zerur zatlary hödürläp başlady

Apple MacBook-y özbaşdak bejermek üçin ähli zerur zatlary hödürläp başlady

Apple amerikan kompaniýasy MacBook noutbuklary üçin Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasynyň giňeldilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Saýtdaky relize görä, korporasiýa leptoplaryň eýelerine näsazlyklary düzetmek üçin original ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt etmegi teklip edýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Indi ýörite internet dükanynyň üsti bilen hem Apple-iň original ätiýaçlyk şaýlaryny, hem gajetleri bejermek üçin gurallary satyn almak bolýar.MacBook-yň eýeleri abatlaýyş görkezmelerini resmi saýtdan ýükläp alyp bilýärler.

Relize görä, programma M1 prosessorly dürli MacBook Air we MacBook Pro modellerini öz içine alýar. Ýakyn wagtda kompaniýanyň beýleki noutbuklary üçin hem ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär.Noutbuk eýeleri displeýiň döwülmegi, batareýanyň hatardan çykmagy, işlemeýän trekpad ýaly näsazlyklary hem düzedip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar
Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Google tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar
Alžir, Nigeriýa we Niger Transsahara gaz geçirijisiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar
Deňizlerdäki täze howp