“Apple” kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollara ýetdi

“Apple” kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollara ýetdi

Apple kompaniýasynyň paýnamalary 3-nji ýanwarda geçen söwdalaşyklarda 3 göterim gymmatlap, täze taryhy derejä— bir gymmatbaha kagyz üçin 182,83 amerikan dollaryna deň boldy. Muňa NASDAQ biržasynyň maglumatlary güwä geçýär. Netijede, iPhone eltelefonlaryny öndürijiniň maliýesiniň ilkinji gezek 3 trilliona ýetendigi hasaba alyndy.

Geçen ýyl bu kompaniýanyň paýanamalary tas 40 göterim gymmatlady, Apple baryp 2018-nji ýylda kapitalyny 1 trilliona ýetirmegi başardy. Häzir ol ABŞ-da iň gymmat bazar bahasy bolan kompaniýadyr.

Öz gezeginde ýurduň “Bank of America” maliýe edarasy iPhone smartfonlaryny öndürijiniň bu ýyl paýnamalarynyň 210 dollara çenli gymmatlamagyna garaşýar. Täze has döwrebap önümleriň önümçiligi, esasan hem, olarda goşulan reallyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy maýa goýumçylary kompaniýanyň gymmatly kagyzlaryna “işdäsini” açyp biler.

Ýene degişli makalalar

Apple ABŞ-da 500 milliard dollarlyk tilsimat boýunça maýa goýar
Fransiýada iPHONE 12 smartfonlarynyň söwdasy saklandy
“iPhone 12”-leriň satylmagyna girizilen gadaganlyk aýrylar
Çagalaryň döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, Toyotanyň ajaýyp baýraklaryny almaga howlugyň!
Dünýäniň ähli ýeri hyzmat ediş çägine girer
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi