“Apple” kompaniýasy täze “iPhone 14” smartfonlary bilen tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasy täze “iPhone 14” smartfonlary bilen tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasy çarşenbe güni dört sany “iPhone 14” modelleriniň “iPhone 14”, “iPhone 14 Plus”, “iPhone 14 Pro” we “iPhone 14 Pro Max” tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Kompaniýa “iPhone Mini” wersiýasyny önümçilikden aýyrdy.

“iPhone 14” modellerinde geçen ýylky modeller ýaly “A15 Bionic” prosessorlary oturdylyp, täze çykan akylly telefonlaryň kämilleşen surata almak aýratynlygy bardyr.

“iPhone Pro” modelleri iň uly üýtgeşmelere eýe boldy. “Pro” modelleriniň has çalt “A16” çipleri bar bolup, olaryň ekrany has ýagtydyr we ekranyň hemişe açyk durmaga mümkinçiligi bardyr. Bu barada “Wall Street” žurnaly habar berýär.

Täze smartfonlar öýjükli diňleriň ýok ýerlerinde gyssagly habar ibermek üçin emeli hemra hem birigip biler.

Bilermenler “Apple” kompaniýasynyň käbir “iPhone” modelleriniň bahalarynyň ýokarlandyrmagyna garaşdylar, emma kompaniýanyň bahalary geçen ýyl bilen deňeşdirilende durnuklylygyny saklady. 6,1 dýuým displeýli “iPhone 14” modelleriniň bahasy geçen ýylky “iPhone 13” modelleriniň bahasyndan, ýagny 799 ABŞ dollaryndan satylyp başlanar.

Täze has uly göwrümli 6,7 dýuýmlyk “iPhone 14 Plus” modelleriniň bahasy 899 ABŞ dollaryndan we şol bir göwrümli 48 megapiksel kameraly, üýtgeşmelere eýe bolan “Pro” modeli 999 ABŞ dollaryndan satylyp başlanar.

Has uly “iPhone Pro Max” modeliniň bahasy bolsa 1099 ABŞ dollaryndan başlanar.

Şeýle-de kompaniýa täze “AirPods Pro” we akylly sagatlar “Apple Watch Ultra”, “Apple Watch Series 8” hem-de “Apple Watch SE” bilen tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar