Apple kapitallaşmasy 3 trillion dollardan geçýän ilkinji kompaniýa boldy

Apple kapitallaşmasy 3 trillion dollardan geçýän ilkinji kompaniýa boldy

Ýakynda Apple-iň paýnamalary rekord derejede gymmatlap, onuň Nýu-Ýork biržasyndaky kapitallaşdyrmasy 3 trillion dollardan geçdi. Netijede, Apple baýlygy 3 trillion dollardan geçen taryhda ilkinji kompaniýa boldy. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Korporasiýanyň paýnamalarynyň bahasy rekord derejede gymmatlap, 182,85 dollara ýetdi. Şondan soň bolsa onuň bahasy birneme aşaklady. Ýatlap geçsek, Apple-iň kapitallaşdyrmasy 2020-nji ýylyň awgust aýynda 2 trillion dollardan geçipdi. 2021-nji ýylda bu bellikden Microsoft korporasiýasy hem geçdi. Häzir onuň baýlygy 2,5 trillion dollardan geçýär. Alphabet we Amazon kompaniýalarynyň baýlygy bolsa häzir 1 trillion dollardan geçýär.

Ýene degişli makalalar

Täze sepgide ýetdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Uly girdeji gazandy
Girdejileri köpeldi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi