Apple islegiň pesligi sebäpli iPhone 14-iň önümçiligini artdyrmakdan ýüz öwürdi

Apple islegiň pesligi sebäpli iPhone 14-iň önümçiligini artdyrmakdan ýüz öwürdi

Apple amerikan kompaniýasy iki hepde mundan öň satuwa çykan iPhone 14 modeline islegiň ýokary däldigi sebäpli, onuň önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa toplumy düzüjiler bilen üpjün edijilere şu ýylyň ikinji ýarymynda iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligini 6 mln birlik artdyrmajakdygyny duýdurdy.Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli 90 mln gurluşy çykarmagy maksat edinýär, bu, takmynan, geçen ýylyň derejesine deňdir.

Bloomberg-e görä, dünýäde iň uly bazar hasaplanýan Hytaýyň smartfon bazarynda iPhone 14-iň satyn alnyş möçberi satuwa çykandan soň ilkinji üç günüň jemi boýunça geçen ýyl iPhone 13 bilen deňeşdirilende 11% pes boldy. Şu ýyl dünýäniň smartfon bazarynyň 6,5%, 1,27 mlrd birlige çenli azalmagyna garaşylýar diýip, agentlik belleýär.

Duşenbe güni Deliniň “Hindustan taýms” gazeti Apple-iň Hindistanda iPhone 14 smartfonyny öndürip başlandygyny habar berdi.Kompaniýa ençeme wagtdan bäri smartfonlarynyň aglaba bölegini Hytaýda çykarýardy, emma ABŞ bilen HHR-iň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň çylşyrymlaşmagy sebäpli alternatiwalary tapmaga çalyşdy.

ABŞ-da iPhone 14 we iPhone 14 Plus, degişlilikde, 799 dollara we 899 dollara satylýar.

Ýene degişli makalalar

Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Germaniýada Kanslerlige iň meşhur dalaşgär
Malaýziýada bank müşderä ýalňyşyp, 86 million dollar geçirdi
Malaýziýada bank ýalňyşlyk bilen bir müşderä 90 million dollar geçirdi