Apple smartfonlarynyň flagman hataryny täzeledi. Bu barada 7-nji sentýabrda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda belli boldy, ýaýlymyň ýazgysy kompaniýanyň saýtynda elýeterli diýip, lenta.ru habar berýär.
Smartfonlar iki görnüşde çykarylar 6,1 dýuým displeý bilen esasy we 6,7 dýuým ulaldylan ekran bilen Max.Täze hatarda mini görnüşi ýok.iPhone 14 öňki nesliň şol bir dizaýnyna eýe boldy we bäş reňkde çykarylýar: ak, gara, gülgüne, mele, gyzyl.
Apple awtonom iş wagtyny artdyrandygyny nygtaýar, emma anyk sifrleri atlandyrmaýar.iPhone 14 öňki nesil ýaly alty ýadroly Apple A15 Bionic çibini aldy.Esasy kamera 12 megapiksel durulyga we f/1.5 apertura eýe boldy.
Hödürlenen gurluşlar öýjükli operator gurşawynyň bolmadyk ýagdaýynda işlejek hemralar arkaly gyssagly aragatnaşyk funksiýasyny göterýär.