Apple-iň işgärleri işe almagy azaltmak meýilnamalary barada belli boldy

Apple-iň işgärleri işe almagy azaltmak meýilnamalary barada belli boldy

Apple amerikan korporasiýasy bolup biljek ykdysady çökgünlikden baş çykarmak üçin 2023-nji ýylda işgärleriň işe alynmagyny we birnäçe bölümiň maliýeleşdirilmegini azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habarly çeşmelere salgylanyp habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, her ýyl kompaniýa tarapyndan uly bölümçelere pul serişdeleri bölünip berilýär.Bu pullar gözleglere, işläp düzmelere, resurslara we işgärleriň işe alynmagyna gönükdirilýär. Ýöne indiki ýyl toparlaryň birnäçesi garaşylýandan has pes býujet alar.

Käbir bölümçede işden giden işgärleriň orunlary çalşyrylmaz diýlip pikir edilýär.Kompaniýanyň ýolbaşçylygy “näbellilik döwründe has seresaply bolmak” isleýär. Şol bir wagtyň özünde käbir bölümlere täze syýasat täsir etmez.

Agentligiň maglumatlaryna görä, geljek ýyl kompaniýa önümleri, şol sanda garyşyk reallyk garniturasyny çykarmagyň “agressiw tertipnamasyny” taýýarlaýar.Tim Kukuň aýtmagyna görä, korporasiýa “inflýasiýany görýär”, ol bolsa jemi girdejä hem-de operasion çykdajylara täsirini ýetirýär.

Ol koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsiriniň we transport çykdajylarynyň ýokarlanmagynyň hem täsir edýändigini sözüniň üstüne goşdy.Korporasiýanyň maliýeleşdirmegi we işgärleriň işe alynmagyny azaltmakçydygy baradaky habardan soň onuň paýnamalary iki göterim, 147,2 dollara çenli azaldy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri pese gaçyş 17 göterim boldy.

Ýene degişli makalalar

“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
Apple Hindistanda zawod gurar
“Boeing”-iň täze ýolbaşçysy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy