“Apple Watch Series 7-iň" akylly sagatlarynyň indiki çykjak görnüşinde möhüm lukmançylyk funksiýasy ornaşdyrylar, ýagny ol gandaky şekeriň derejesini anyklar diýip, ferra.ru habar berýär.
Bu habar SEC-iň maglumatlarynyň esasynda aýdyňlaşdyryldy. Has takygy, "Apple"-iň 2022-nji ýylda çykjak “Apple Watch” sagatlarynda süýjüli diabeti ölçeýji, ýagny glýukometr bolar. Bu täze funksiýa süýji keselli adamlar üçin juda zerur bolup durýar.
Ol, esasan-da, her gezek insulin sanjymyndan öň ganyndaky şekeriň derejesini ölçetlmeli bolýan ulanyjylar üçin peýdalydyr. Ýogsa munuň üçin adatça ganyň alynmagyny talap edýän synaglar ulanylýar. "Apple" sagatlarynyň bolsa bu prosesi ýeňilleşdirmegine garaşylýar. Çeşmeler bu ölçeýji guralyň oturdylmagy sagatlaryň satuwyna hem gowy täsir eder diýip hasaplaýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, “Apple” süýjüli diabeti kesgitläp bilýän ölçeýjini döreden “Rockley Photonics” kompaniýasynyň iri müşderisine öwrüldi. Ölçeýji munuň üçin infragyzyl şöhlesini ulanýar diýip, çeşme belleýär.