Apple kompaniýasy dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawyndaky ilkinji ornuny gaýdyp aldy. Bu barada BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands hasabatynda aýdylýar diýip, MIR24 ýazýar.
Hasabata laýyklykda, Apple nyrhy 55 göterime, 947 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Ikinji orunda Google (820 mlrd dollar, 78 göterim) durýar. Geçen ýylky sanawda öňde bolan Amazon kompaniýasynyň bahasy bary-ýogy 3 göterim ösüş görkezdi we 705,6 mlrd ABŞ dollary netije bilen üçünji orna süýşdi.
Resminamada 100 sany iň gymmatbaha brendleriň umumy bahasynyň 23 göterim ösüp, 8,7 trillion ABŞ dollaryna deň bolandygy bellenýär. Iň çalt ösýän brend Cartier kompaniýasy bolup, ol öz nyrhyny 88 göterim ýokarlandyryp, 10 milliard dollara ýetirmegi başarypdyr.