“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy

“Apple” Hindistandaky “Foxconn” zawodynda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy. Munuň kompaniýanyň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidigi mälim edilýär. Hindi “iPhone 15”-leriniň ilkinji tapgyry Hytaýdaky esasy önümçilik toplumyna iberilenden birnäçe hepde soň satuwa çykarylar. Mundan başga-da, “Apple” Hindistandaky zawodynda täze “Phone”-laryň öndürilýän möçberini artdyrmagy maksat edinýär.

Hindistanda birnäçe wagt bäri kompaniýanyň ykjam telefonlarynyň uly bolmadyk bölegi ýygnalyp gelinýär, ýöne şu wagta çenli ýerli önümçilik Hytaý önümçiliginden yza galýar. Önümçilikdäki aratapawut birnäçe aýa ýetýär.

Aprel aýynda “Apple”-iň 2022-nji ýylda 7 milliard dollarlyk ähli smartfonlarynyň, takmynan, 7 göterimini Hindistanda ýygnandygy we ýerli kuwwatyny giňeltmek isleýändigi mälim boldy. “Bloombergiň” habar bermegine görä, Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiliginiň mukdary komponentleriň içki gurluşlarynyň üpjünçiligine we “Foxconn” zawodynda önümçilik ugurlarynyň giňelmegine bagly bolar.

Şeýle-de 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “iPhone 15” smartfonunyň, täze “Apple Watch Series 9” we ikinji nesil “Ultra” sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boljakdygy habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
Şwesiýaly aýal 103 ýaşynda paraşýut bilen böküp dünýä rekordyny täzeledi
Önümçilik kärhanalaryny köpeldýär
Smartfon eksportyny ýokarlandyrar
Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar