Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy

Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy

Apple Inc. kompaniýasy dünýädäki 500 sany iň täsirli söwda nyşanlarynyň sanawynda ilkinji orny eýeledi, sanawy World Brand Lab (WBL) seljeriş kompaniýasy düzdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Geçen ýylky sanawda ilkinji orny eýelän Google bu ýyl üçünji orna düşdi, ikinji orny Microsoft Corp. kompaniýasy eýeledi.

Dünýäniň iň täsirli söwda nyşanlarynyň ilkinji onlugyndaky sekiz orun amerikan kompaniýalaryna degişlidir, olaryň arasynda Amazon.com Inc., Walmart Inc., McDonald's Corp., Coca-Cola Co. we Tesla bar. Iki sany awtoulag öndürijileri: Toyota Corp. ýapon we Mercedes-Benz nemes (Daimler kompaniýasyna degişli) hem sanawdaky ilkinji onluga girdi.

Sanawa umuman 33 ýurt girdi. Uly tapawut bilen ABŞ-dan bolan brendler (500-den 198-si) öňde barýarlar diýip, WBL seljeriş kompaniýasynyň habarnamasynda bellenýär. Sanawa şeýle-de Fransiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa we Italiýa girdi, olaryň hersiniň 10-dan gowrak öňdebaryjy önümçilikçileri sanawdan orun aldylar.

World Brand Lab bu sanawy 2003-nji ýyldan bäri düzüp gelýär, ol munuň üçin ýurtlaryň 60-syndan bolan brendleriň 80 müňüsiniň işewürligini yzarlaýar.

Ýene degişli makalalar

“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Iň girdejili kompaniýalar
Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy