Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy

Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy

Apple kompaniýasy Luiji Taraborrellini hakyna tutdy, ol öň 20 ýyldan gowrak wagt Lamborghini-niň esasy top-menejerleriniň biri bolupdyr we Urus, Huracan, Aventador we ş.m. awtoulaglary döretmegiň üstünde işläpdir.

Automotive News Europe-niň habar bermegine görä, bu Apple-iň öz hususy ulagyny işläp taýýarlamagyň üstünde işjeň işleýändigine şaýatlyk edýär.IT ägirdine şassini, dest dolandyryşyny, tormozlary we awtoulagyň beýleki böleklerini döretmäge we sazlamaga hut Luiji Taraborrelli kömek bermeli.

Apple-de däp bolşy ýaly, awtoulagyň döredilişiniň geljegi hakynda gürrüň bermekden boýun gaçyrýarlar. Şeýle hem bolsa, öň kompaniýa Ford-yň, BMW-niň, Tesla-nyň, Porsche-niň, Aston Martin-iň we beýleki awtoulag konsernleriniň birnäçe tejribeli inženerlerini hakyna tutupdy.

Apple-iň birinji awtoulagy 2025-nji ýylda görkeziler diýip garaşylýar.Megerm, ol ýolda özbaşdak hereket edip bilýän awtopilot ulgamly ulag bolsa gerek.

Ýene degişli makalalar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ilon Mask Hytaýa bardy
Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar
Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar