
Apple gelejek dört ýylyň dowamynda ABŞ-da 500 milliard dollardan gowrak maýa goýjakdygyny habar berdi.
Bu ägirt uly maýa goýum 20 müň täze iş üpjünçiligini döredýän bolsa, ylmy-barlag, emeli aň we tilsimat maksatnamalaryny kämilleşdiriş ugurlaryna gönükdiriler.
Tehnologiýa ägirdi şeýle Hýustonda önümçilik desgasy bilen Detroitde ýokary önümçiligi goldamak üçin akademiýa açjakdygyny mälim etdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk Amerikanyň innowasion gelejegine bolan ynamyny beýan edip, Prezident Trampyň gümrük tarifleri arkaly ýerli önümçiligi höweslendirmek boýunça başlangyjyndan soň kompaniýanyň ABŞ-daky ösüşine aýratyn uly ähmiýet berýändigini beýan etdi.