Apple 2021-nji ýylyň iň gowy mobil goşundylaryny saýlady

Apple 2021-nji ýylyň iň gowy mobil goşundylaryny saýlady

Apple her ýylda App Store internet dükanlaryndaky mobil goşundylaryň we oýunlaryň 6 ugur boýunça iň gowularyny saýlaýar. hi-tech.mail.ru kompaniýanyň 2021-nji ýyldaky saýlan mobil goşundylarynyň adyny mälim etdi.

Özara baglanyşyk Bu nominasiýada işläp taýýarlaýjylaryň mobil goşundylardaky amatly we düşnükli interfeýsleri saýlanýar. Howa maglumatly CARROT Weather mobil goşundysy bu ugurda ýeňiji boldy. Bu ugurda Bird Alone iň gowy oýun programmasy hökmünde saýlanyp alyndy.

Jemgyýetçilik ähmiýeti Bu ugurda adamlara möhüm meseleri çözmäge ýardam edýän goşundylar saýlanyp alynýar.Be My Eyes bu babatda iň gowusy hökmünde ykrar edildi.Ol körlere we çala görýänlere kamera arkaly zatlary hem-de dünýä ýurtlaryndan meýletinçileri tanamaga kömek edýär.

Albo mobil goşundysy bu ugurda iň gowy oýun hasaplandy.Ol Alba atly gyzjagazyň täze myhmanhananyň gurluşygy üçin zapowednigi ýok etmekleri sebäpli, haýwanlary halas edişi hakyndadyr.

Wizual görnüş we grafika Owadan interfeýs we adaty bolmadyk dizaýn üçin saýlanýan bu ugurda belarusly programmaçylaryň Loona goşundysy ýeňiji boldy. Genshin Impact bolsa iň owadan oýun programmasy hökmünde saýlandy.

Innowasiýalar NaadSadhana goşundysy Apple telefonlaryndaky Core ML neýroulgam moduly arkaly sazandalara wokal aýdymlary ýerine ýetirilende ýüze çykýan ýalňyşlyklara düşünmäge kömek edýär. League of Legends oýnuny bolsa iň innowasion oýun hökmünde saýladylar.

Şatlyk we gyzykly güýmenje Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we käbir zatlary synag edip görmeklerine mümkinçilik berýän Pok Pok Playroom mobil goşundysyny çagalar üçin iň gowy güýmenje diýip ykrar etdiler. Little Orpheus bolsa bu ugurda iň gowy oýun hökmünde saýlanyp alyndy.

Inklýuziwlik Voice Dream Reader goşundysy islendik maglumat çeşmesinden alnan tekstleri sesi bilen, şol sanda PDF faýllary okap bilýär. Şonuň üçin-de ol dürli gelip çykyşly, dürli dillerde gürleýän adamlar üçin hem amatly, hem peýdaly mobil goşundylary saýlanýan bu ugurda ýeňiji boldy.

HoloVista oýny bolsa köp zatlary özünde jemleýändigi üçin bu nominasiýanyň iň gowy oýny boldy.Bäsleşigiň ýeňijileri Apple kompaniýasy tarapyndan öz mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de täze goşundylary döretmäge ýardam berýän tölegsiz softlar bilen sylaglanar.

Ýene degişli makalalar

Apple 2021-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny we programmalaryny yglan etdi
Elektron sportunyň taryhy
Ilon Mask işden çykyp, bloger karýerasyna başlamak isleýär
Elektron sport Aziada ― 2022-niň maksatnamasyna girizildi
2020-nji ýylyň iň gowy oýunlary
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Litwa gitdi