AÖB Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini goldarýar

AÖB Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini goldarýar

Aziýa Ösüş banky (AÖB) durnukly we ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýete geçmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldamaga taýýar. Bu barada AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiak “Trend” habarlar gullygyna beren interwýusynda mälim etdi.

Türkmenistan bilen 2024-2028-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze maksatnamanyň çäklerinde AÖB esasy pudaklaryň howa şertlerine uýgunlaşmagyny we “ýaşyl” ösüşe eýe bolmagyny goldamakda tagallalaryny gönükdirmäge üns berer. Energetika, ulag, oba hojalygy, suw serişdeleri we şäher gurluşygy pudaklarynda zyňyndylaryň hem-de uglerodlaryň azaldylmagyna aýratyn üns berer.

“Bank Türkmenistanyň milli energetika ulgamyny berkitmegi, howanyň üýtgeýän şertlerinde onuň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmagy hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikanyň dürli çeşmeleriniň özara utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu başlangyçlar elektrik ulgamlaryň işini gowulandyrmak, elektrik energiýasynyň sebit bazarlaryna eskportynda Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin goşmaça maliýe serişdeleri göz öňünde tutýar” diýip, A.Andrisiak aýtdy.

Ol şeýle hem AÖB-niň Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen bilelikde gaz elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň tutýan paýyny artdyrmak babatda iş alyp barýandyklaryny nygtady. Az uglerodly energetika geçmek boýunça ýol kartanyň döredilmegi bu işleriň möhüm bölegini emele getirer. Munuň özi netijeli energiýa çözgütlerine maýalary çekmäge ýardam eder.

Mundan daşary, bank Gün we ýel energetikanyň ösdürilmegine, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda we infrastrukturalaryň durnuklulygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistana ýardam etjek ulag düzümlerini elektrikleşdirmäge gönükdirilen taslamalary goldamagy meýilleşdirýär.

AÖB Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy bolmak bilen, infrastrukturalaryň işiniň kämilleşdirilmegini, adam maýasynyň ösüşini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça işleri goldaýar.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegini goldaýar
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär
AÖB we Türkmenistan täze Hyzmatdaşlyk strategiýasynyň üstünde işleýärler
AÖB Türkmenistanyň energiýa we ulag pudaklaryna $625 million maýa goýdy
AÖB Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy meýilleşdirýär
Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer