AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar

AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar

AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar

Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Aşgabat maslahatynyň gün tertibi köp babatda AÖB-nyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna laýyk gelýär diýip, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak aýtdy.

Ol forumda çykyş edip, Türkmenistanyň özüni söwda we üstaşyr merkezi hökmünde görkezmek we bazarlaryny diwersifikasiýa etmek tagallalarynyň AÖB tarapyndan goldanylýandygyny aýtdy. Şol sanda bu goldaw ulag infrastrukturasyna maýa goýumlary arkaly hususy pudagyň ösüşine ýardam etmekden hem ybarat.

Ulag pudagynda AÖB-nyň Türkmenistandaky maksatnamasy demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. 2011-nji ýylda tassyklanan Demirgazyk-Günorta demirýol taslamasy, AÖB-nyň Türkmenistan üçin ilkinji karzy boldy. 288 km ýoluň signalizasiýa, elektrik üpjünçiligi we aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyryldy.

Bu Türkmenistandan Gazagystana barýan göni ýoly we Eýrany, Russiýa Federasiýasyny we Günorta Aziýany birleşdirýän geçelgelere birikmegi gowulandyrdy.Taslama halkara gatnawynyň iki essä çenli artmagyny, ýagny 7,1 million tonna töweregi bolmagyny üpjün etdi we CO2 zyňyndylaryny 27000 tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda AÖB Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýol liniýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny taýýarlamakda Türkmenistana goldaw berýär. Taslama uzynlygy 1147 km polat ýoly boýunça ýolagçy we ýük gatnawynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we Türkmenistandan üstaşyr geçýän ähli halkara geçelgeleri birleşdirer.

Taslamanyň taýýarlyk işleri dowam edýär, başlangyç tapgyrlarda esasy üns 170 km deň bolan Aşgabat-Duşak bölegini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Andrisýak: “Türkmendemirýollary”agentligi bilen bilen jebis hyzmatdaşlykda ilkinji taslama karzyny geljek ýylyň başynda AÖB-nyň direktorlar geňeşine tassyklatmak üçin tabşyryp bileris diýip umyt edýäris" diýip, aýtdy.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistanyň energiýa we ulag pudaklaryna $625 million maýa goýdy
AÖB Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini goldarýar
AÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegini goldaýar
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär
AÖB we Türkmenistan täze Hyzmatdaşlyk strategiýasynyň üstünde işleýärler
AÖB Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy meýilleşdirýär
Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer