AÖB nebitiň we gazyň çykarylyşynyň maliýeleşdirilmegini bes edýär

AÖB nebitiň we gazyň çykarylyşynyň maliýeleşdirilmegini bes edýär

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) nebit we kömür gazyp almak taslamalaryny maliýeleşdirmegini bes eder hem-de tebigy gazyň maliýeleşdirilmegini çäklendirer. Bu barada bank geçen anna güni çap eden “Energetika syýasaty 2021” atly deslapky taslamasynda mälim etdi.

“AÖB kömür gazmak, nebit we tebigy gaz ýataklaryny gözlemek, burawlamak ýa-da gazyp almak işlerini maliýeleşdirmez. AÖB energiýa we ýylylyk öndürmek üçin kömür bilen işleýän islendik täze desgalary maliýeleşdirmez ” diýip, bank belledi.

Resminamanyň deslapky taslamasyna laýyklykda, bank käbir şertlerde suwuklandyrylan tebigy gaz taslamalaryna, gaz daşamak infrastrukturasyna, gaz paýlaýyş turbalaryna we gaz bilen işleýän elektrik stansiýalaryny maliýe serişdeleri bilen üpjün eder.

AÖB 1960-njy ýyllaryň başynda döredildi we onuň edara binasy Manilada (Fillipinler) ýerleşýär. Bankyň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, bank 2009-njy we 2019-njy ýyllar aralygynda energiýa pudagyna 42 milliard 500 million ABŞ dollaryny gönükdirdi.

“Energetika syýasaty 2021” atly jemleýji deslapky taslamasy oktýabr aýyna çenli AÖB-niň direktorlar geňeşiniň garamagyna hödürlener.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşdy
Aziýanyň ösüş banky “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy 2024-2028” atly täze strategiýasy bilen tanyşdyrdy
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar
Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara halkara ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler, agyz-burun örtüklerini haýsy ýagdaýlarda dakynmaly