Aňzakda, göreşde açylan ak gül

Aňzakda, göreşde açylan ak gül

30-njy noýabrda şahyr Annasoltan Kekilowanyň doglan gününe 81 ýyl bolýar. 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda ony Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşeginiň agzlagyna almak, şahyryň edebi mirasyny has çuň we töwerekleýin öwrenmek barada gürrüň edilip başlandy.

Emma ýurtda döredilen täze kultlar aýal-gyzlaryň gyrnak ornunda goýulmagyna garşy göreşen şahyryň aňyrsynda galan diwarynyň ýykylmagyna däl, beýgelmegine alyp geldi diýip, Ýewropada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally aýdýar.

Synçylaryň köpüsiniň pikiriçe, Türkmenistanda saklanyp galan agyr adam hukuklary meseleleri, hususan-da gender deňligi barada bildirilýän çynlakaý aladalar A.Kekilowanyň galdyran edebi mirasynyň, "ynsan" diýlen belent ada hyzmat etmek üçin görkezen erjelliginiň ähmiýetini bu günki gün has-da ýokary galdyrýar.

Şahyr Annasoltan Kekilowa diýilse, ozaly onuň “Gözledim seni” goşgusyna döredilen owadan aýdym, bu aýdymy köp adamyň doýup bilmän diňländigi ýadyma düşýär diýip, Ýewropada ýaşaýan türkmen enesi, ozalky pedagog Azatlyk bilen anonimlik şertinde eden söhbetdeşliginiň başynda aýtdy.

“Şu günki ýaly ýadymda, Nurnabat gelnejem derwezämiziň gapysyny açyp-açman, “Diňlediňizmi, radioda täze aýdym berdiler, awtobusda zordan birnäçe setirini ýazyp ýetişdim” diýdi.

Onuň ejeme bu aýdymyň owadan sözleri, owadan sazy, Annaberdi Atdanyň ol aýdymy nähili ussatlyk bilen aýdyşy barada berýän joşgunly gürrüňleri meniň çaga beýnimde ömürlik galdy. Şondan az wagt soň, jigim bolanda, Nurnabat gelnejemiň maslahaty bilen, oňa Gülälek adyny dakdyk...”

Soň ol bu aýdymy kagyza däl, aňyna, ýüregine ýazyp alandygyny we oňa ýüregi gysanda, Watany küýsände şu wagtlar hem hiňlenýändigini, “Gözledim seni” aýdymynyň yzda galan ýurduň, şol bir wagtda-da Annasoltanyň goşgularynyň hamyrmaýasy bolan näzikligiň, päkligiň we söýginiň bir bölegine öwrülendigini aýdyp, çalaja hiňlenenini duýman galdy.

“Ol, öz sözleri bilen aýtsak, gyş güni açylan gül dek, aňzak bilen göreş tutdy” diýip, türkmen edebiýatynda A.Kekilowanyň tutýan ornunyň örän uludygyna ynanýan pedagog munuň boýun alynman bilinmejekdigini nygtady.

Ýewropaly türkmeniň pikiriçe, şahyryň gyzlar, söýgi hakyndaky goşgulary gyz ýüreginiň owadan, şol bir wagtda-da many-mazmuna baý, sowet döwrüniň we soňky döwrüň ýasamalyklaryndan halas aýdymy bolup doglana meňzeýär.

“Ol maňa türkmen halkynyň arasyna gyz-gelinleri goramak üçin iberilen perişde bolup görünýär. Sowet hökümeti bize ol perişdäni kän gördi... Soňky hökümetem ondan gowy däl” diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşýän pedagog aýtdy.

Annasoltan Kekilowanyň “Ýabany akja gül hakda ballada” diýip atlandyran goşgusy şeýle setirler bilen başlanýar:

“Men ak gül,

Men ak gül,

Ýönekeý ak gül,

Açylýan türkmenleň Köpetdagynda...”

Liriki gahryman bu goşguda aslyýetiniň akdygyny, şemal bilen baş goşup, dürli pasyllaryň ajap çagynda aýdym aýdýandygyny, ýüreginiň gysmaýandygyny, darygmaýandygyny, tüweleýleriň badyndan gorkmaýandygyny, aýdym aýdyp, dünýä kemerli gara daglaryň adyndan salam ýollaýandygyny gürrüň berýär.

Liriki gahryman özüni dar kabinetlere bezeg bolmadyk “daş güli” diýip atlandyrýar.

Mümkin, meň baramda ajy gybatlar

Seň öýüňe ýalyn bolup barýandyr.

Bilbiller ömründe görmedik gülün

Mahabatlap, taryp edip berýändir.

Goşgy, çal dumanly daglaryň başyna çykyp, özüň baryp görmeseň, ol gülüň boý alan mekanynda bolup görmeseň, “kiçijik gül hakdaky uly myş-myşlaryň” uka batyryp biljekdigini, ýagny islendik jemgyýeti bürýän, uza çekýän ýalandan, gep-gybata esaslanýan propagandadan ägä bolmalydygyny duýdurýar.

“Haýp, bu duýduryş diňlenmedi, ýurdumyz boş gürrüňleriň, boş propagandanyň we bolgusyz aýdym-sazlaryň, ýeňles sahna eserleriniň zibilhanasyna öwrüldi” diýip, öňki dil-edebiýat mugallymy aýtdy.

MHK myş-myşlarynyň ýesiri

Ýaşap ýörenliginde şu aýyň aýagynda 81 ýaşynyň toýuny toýlamaly şahyryň sowet diktaturasynyň gatyşmagynda arasy bölünen, ogurlanan döredijiliginiň halka elýeterli bolan çäklije bölegini synlanyňda hem, özüni “Ak gül” diýip atlandyran şahyryň eserleri şindem myş-myşlaryň gurbany bolmagynda galýar diýip, türkmen pedagogy pikir edýär.

“Türkmenistan, sosial mediada paýlaşylan wideodan hem görnüşine görä, gender deňligi meselesinde uly alada döredýän ýurtlaryň hataryna girýär; ýurtda aýalyny urýan, gyz-gelinleri kemsitmegi hiç zatça görmeýän bilimsiz, ýüreksiz erkek köpelýär, Annasoltanyň goşgulary bize bu problema şahyryň gözünden seretmek mümkinçiligini berýär” diýip, pedagog aýtdy.

“Annasoltan Kekilowanyň goşgularynyň mekdep programmasyna girizilip, giňden okadylmagy, öwredilmegi, eger-de biz dünýä derejesinde medenileşýän jemgyýet gurmakçy bolýan bolsak, diňe gerek däl, zerurlyk bolup durýar.Biziň çagalarymyz mekdep partasynda onuň “Biz gyrnak” atly goşgusyny näme üçin ýazandygyna akyl ýetirmeli.

Näme üçin onuň liriki gahrymany “Soň men öldürildim”, “ýaşlygyň adyna ysnat getirip”, “ölüp ýaşadym” diýipdir?Näme üçin şahyr öz gysga, pajygaly ömründe gyzlar, gelinler hakynda beýle kän alada edipdir?

Bu soraglara jogap tapan çagalar öz enelerini, mamalaryny, gelnejelerini, aýal doganlaryny we uýalaryny özleri bilen deň adam ornunda goýmagy öwrenerler” diýip, ýewropaly türkmen Annasoltanyň edebi mirasynyň ýurtda çuňlaşýan ahlak krizisinden çykmakda peýdaly gollanma, ruhy direg bolup biljekdigini öňe sürdi.

Annasoltan Kekilowanyň liriki gahrymany gün-güzeran üçin ýaranjaňlyk etmegi ret edýär, şemal ýaly, çar tarapa öwsüp durmagy ret edýär, öz pikiriňe ygrarly bolmagy, ýanar oda atsalar-da, “ynsan” diýen belent ada hyzmat etmegi wagyz edýär.

Ol oglanlary gyzlary gülüp garşylamaga çagyrýar:

...Garşylaň siz syr saklaman ýürekde.

Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.

Düşüniň oglanlar, aýaň gyzlary,

Gözellik gyzlaryň baky mirasy.

Liriki gahryman “Goý, olar beslensin, goý beslenmesin” diýýär, bu olaryň gözellik salonynda, ile göz edilip kemsidilmeli däldigini aňladýar.

Aýal-gyzlaryň erkekler bilen deňligi ýa-da adam ornunda goýulmagy meselesinde ýüze çykýan kynçylyklar diňe bir ýurduň ýa sebitiň meselesi däl, dünýäniň meselesi we bu olaryň uzak taryhy döwürlerden bäri haryt, satylýan we satyn alynýan zat ornunda görülmegi bilen bagly diýip, pedagog pikir edýär.

“Bizde gyzlara Altyn, Tylla, Merjen, Göwher, Kümüş, Dürnabat, Şeker... ýaly atlary dakýarlar. Annasoltan Kekilowanyň liriki gahrymany muňa garşy, ol oglanlardan gyzlaryň görklerini göwhere, zere deňemezligi haýyş edýär, altyn ýüzügiň, gymmat baha sagadyň biwepalygy aklap bilmeýändigini aýdýar.

Şahyryň “Näme üçin?” diýip at beren goşgusy türkmençilikde kän agzalmaýan, ýöne uly mesele bolup galýan bir problema, durmuşa çykarylan gyzlaryň soňra haýsydyr bir sebäpler esasynda “ölen, ýanan, kül bolan söýgüsine” ünsi çekýär.

Bu mesele, sowet döwründe bolşy ýaly, şu günki gün hem gozgalmasy halanmaýan’ tema bolmagynda galýar.

Maglumat üçin aýdylsa, syýasy taýdan “yrga” hasaplanan goşgulary üçin Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň berk gözegçiligine alnan Annasoltan Kekilowanyň “Gözellik gyzlaryň baky mirasy”, “Gözledim seni”, “Oýlan, oglan” ýaly aýdymlaryny 60, 70 ýaşly adamlaryň arasynda, soňky nesilleriň arasynda bilýänler şindi hem az däl.

1942-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inen göreşiji şahyrdan esasan 30 ýaşyna çenli ýazan eserleri, gazet-žurnallarda çap edilen hekaýalary... miras galdy. Şahyryň “Gara saçlarym” atlandyran çaklaňja ýygyndysy 1968-nji ýylda, “Zenanlar” atly goşgular ýygyndysy bolsa 1971-nji ýylda çap edildi.

Şeýle-de, onuň rus diline terjime edilen goşgularynyň ençemesi Moskwada çap edilen goşgular ýygyndysyna girizildi. Emma, edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň ýazmagyna görä, onuň ruhy hassahanada rus dilinde çapa taýýarlan goşgular ýygyndysy, hossarlary tarapyndan Moskwada bir adrese iberilenden soň, adres bilen bilelikde ýitirilipdir.

Ol 29 ýaşynda, 1971-nji ýylda zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilip, 41 ýaşynda, 1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda aradan çykýança, 12 ýyllap ak halatly gözegçileriň tussaglygynda saklandy.

Görnüşinden, 1960-njy ýyllarda, sowet diktatory Iosif Staliniň ölüminden soň dörän syýasy maýylganlyk döwründe edebiýata gelen we ýurtda aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň gödek we yzygiderli basgylanmagyna açyk garşy çykan, Kommunistik partiýanyň XXIV gurultaýyna golsuz däl, goluny çekip arza ýazan şahyry garaşsyz Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem “bagyşlap” bilmeýärler.

Sowetleriň iň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň üýtgedip durmak we aç-açanlyk syýasaty Annasoltan Kekilowa hakynda ozal mälim bolmadyk, berk gizlinlikde saklanan maglumatlaryň birnäçesiniň üstüni açdy.

Aýdylmagyna görä, ol bir tarapdan ruhy taýdan näsag hasaplanyp, hassahanada berk gözegçilikde saklanyp, gaçyp çyksa, gözlenip tapylan we yzyna getirilen bolsa, ikinji tarapdan jenaýatda aýyplanypdyr.

Has anygy, ruhy hassa hasaplanylýan şahyryň garşysyna 1975-nji ýylyň sentýabrynda SSSR Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň 7-nji punkty esasynda, bozgaklykda aýyplap, jenaýat işini açypdyrlar.

Kesel taryhynda ýazylan sözlerden görnüşine görä, A.Kekilowanyň ruhy näsaglygy, döwletden aýlyk alýan psihiatr lukmanlaryň ol “şizofreniýadan azap çekýär” diýen netijä gelmegi şahyryň Türkmenistandaky ýolbaşçylaryň “respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri”, aýal-gyzlara edilýän “nädogry gatnaşyklar”, Angliýa gidip, şol ýerde ýaşamaga rugsat soramagy bilen düşündirilýär.

Emma onuň huliganlyk diýilýände ýa-da bozgaklykda, jemgyýetçilik düzgünini gödek bozmakda ýa tertip-düzgüni açyk sylamazlykda aýyplanmagynyň anyk sebäpleri belli däl.

Edebiýatçylaryň käbiri bu aýyplamanyň onuň ruhy hassahanadan gaçyp gutulmak ugrunda eden tagallalary, hassahana yzyndan gelen adamlar bilen edýän anti-sowet’ gürrüňleri, lukmanlara bildirýän negilelikleri bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

Ruhy hassahanalaryň we kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sowet döwründe we soňra dörän özbaşdak döwletleriň bir toparynda başga pikirlileri susdurmak üçin bikanun ulanylan we ulanylýan halatlarynyň az däldigi indi hiç kim üçin syr däl.

Pragada ýaşaýan ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň ýazmagyna görä, türkmen edebiýatyna uly joşgun bilen gelen "ýiti zehini goldajak bolmadylar", "hatda Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna-da kabul etmediler."

Dissident ýazyjy edebiýata gelen ýiti zehiniň 'ýüzüne urulmagynyň' sebäbini şahyryň kommunistik partiýany hem-de onuň alyp barýan syýasatyny wasp etmekden saklanmagy bilen düşündirýär.

Hökmürowan SSSR bilen tutulan 12 ýyllyk göreş

Sowet lukmanlarynyň kesel taryhynda galdyran ýazgylary A.Kekilowanyň syýasy sebäpler esasynda, howpsuzlyk edarasynyň buýrugy boýunça saklanandygyny we, pikirinden dänmegi üçin, 12 ýyllap gynalandygyny, onuň bu sütemden diňe ölüp gutulandygyny görkezýär.

Lukmanlar, eger-de ol güýçden gaçyp, ruhdan düşüp, ýa-da dermanlaryň güýji bilen, “sagat halyna dälihanada saklanýandy” baradaky nägileliklerini bildirmegini bes etse, sowet we post-sowet hukuk ulgamynda ulanylýan özüňi ýazgarmak talabyna boýun bolsa, onuň saglyk ýagdaýynyň “gowulaşandygyny” tassyklamaga taýyn bolupdyrlar.

“Näsag dälilikden saplandy...dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy” diýip, lukmanlar şahyrdan edilýän “saglyk” talabynyň hakykatda syýasy talap bolandygyny, onuň türkmen ýolbaşçylary hakynda öňki aýdan tankydy pikirlerinden dänmelidigini, kanun goraýjylaryň dili bilen aýdylanda, günäsini boýun alyp, ak ýürekden toba etmelidigini ýazmaça tassyklapdyrlar.

Bu tejribe, adamlary syýasy garaýyşlary üçin ruhy hassalykda ýa-da jenaýatda aýyplamak praktikasy post-sowet ýurtlarynyň birnäçesinde şindi hem saklanyp galýar we, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 63 ýaşly türkmen enesiniň pikirine görä, adamlaryň kanunda kepillendirilýän azatlyklaryny we hukuklaryny bogmak synanyşyklary abadançylyga däl, içerki nägileligiň ösmegine alyp gelýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda başga pikirli adamlary toslanyp tapylan jenaýatda aýyplamak, zor bilen ruhy hassahanalarda saklamak we doly sem etmek synanyşyklary 1990-njy ýyllardan soňam dowam etdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Azatlygyň" žurnalistleriniň 70 ýyllyk ýoly
Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
HJ: Annasoltan Kekilowanyň janköýerleri onuň işiniň ýaşaýandygyny aýdýarlar
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Döwrüň ýüzüne garap ýazylan terjimehal
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'