Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar

Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar

Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabir 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 102-nji ýyly mynasybetli adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaradan soň raýatlaryň zyýaratyna açylan Anytkabiri Türkiyäniň dört künjeginden gelen müňlerçe raýat zyýarat etdi.

Ellerindäki Türkiyäniň baýdagy we güller bilen Atatürkiň mawzoleýine baran raýatlar, doga-dilegler edip mawzoleýe gül desselerini goýdular.

Esgerleriň garawul çalşygyna tomaşa eden raýatlar Anytkabir muzeýine syn etmek üçin uzyn nobatlara durdylar.

Raýatlar Türk Ýyldyzlary toparynyň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”
Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy…
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
Finlýandiýanyň Prezidenti Ankara Geldi