Anyk Teklip HJ alýuminiden, plastikden we berk aýnadan dürli görnüşli önümleri öndürýär

Anyk Teklip HJ alýuminiden, plastikden we berk aýnadan dürli görnüşli önümleri öndürýär

Anyk Teklip hojalyk jemgyýeti ýerli önümleriň giň görnüşlerini alyjylar köpçüligine ýetirýär. Bu önüm görnüşlerine aýnalar we gapylar üçin niýetlenen alýuminiý hem-de plastik ramalar, aýna paketleri, duş kabinalary we aşhana mebelleri üçin berk aýna gapylary, aýnalar, reňkli aýnalardan taýýarlanan witražlar degişlidir. Şeýle-de kompaniýa islendik görnüşli aýna örtügine UF-çap ediş işini ýerine ýetirip berýär.

Gurluşyk materiallarynyň bazarynda Anyk Teklip 2015-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Kompaniýanyň önümleri häzirki zaman türk hem-de hytaý enjamlarynyň peýdalanylmagy bilen öndürilýär. Bu önümler onuň hilini tassyklaýan halkara sertifikatlara hem eýedir.

Anyk Teklip HJ önümlerini diňe bir Aşgabat şäheriniň çägine däl-de, eýsem ýurduň islendik welaýatyna, dürli künjegine eltip berýär. Şunuň bilen birlikde, kärhana alyjylaryna arzanladyşyň çeýe ulgamyny hem-de dürli görnüşli aksiýalara gatnaşmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

Kärhananyň önümleri bilen şu salgylara ýüz tutup tanyşmak bolýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägindäki Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçtasynyň salgysy: teklip@mail.ru

Wideo: Aýna önümleri nähili öndürilýär

Ýene degişli makalalar

Anyk Teklip taplanan aýnadan döwrebap duş kabinalaryny hödürleýär
Anyk Teklibiň hünärmeni aýna işleriniň käbir aýratynlyklary barada gürrüň berdi
Anyk Teklip aýna gapylary we aşhana örtüklerini UF-çap etme bilen bezeýär
Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
Mahabat hyzmatlarynda bahar arzanlaşygy
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary