Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilen düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Şol gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglady.
Biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik şahyryň hormatyna Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly döredildi. Men ilkinji bolup, Sizi şu medal bilen sylaglamak kararyna geldim we degişli Karara gol çekdim. Häzir bolsa, şol medaly size gowşurýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra el çarpyşmalaryň astynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi bu beýik sylag gowşuryldy.
Belent mertebeli myhman özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik oglunyň Gündogaryň görnüşli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň döwrebaplylygynyň ähmiýetini belledi. Pyragynyň öz goşgularynyň üsti bilen agzybirlige, dostluga we ynsanperwerlige çagyrmagy BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly gabat gelýändigini belledi.