Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Mirap” binasynyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyza resmi sapar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, rektorlar, gazet-žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem talyp ýaşlary gatnaşdy.

Açylyş dabarasy binanyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň resmi taýdan flagştoga galdyrylmagy bilen başlandy.

Soňra dabarada çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgalyk derejededigini belledi.

Türkmenistan bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny bellän Guterriş geljek ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.

Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli iş alyp barýandygyny belläp geçen Guterriş, Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdy.

Ol BMG-niň wekilhanasy üçin täze binanyň berlendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, BMG-niň düzümleriniň strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda giň tagallalar etjekdigini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan täze binanyň açylmagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň giň gerimde ösdürilýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynda dünýäniň abraýly halkara guramasynyň birnäçe maksatnamalarynyň hereket etjekdigi bellenildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap binanyň içine girdiler. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Jenap Antoniu Guterriş mundan ozal, 2017-nji ýylda ýurdumyzda saparda bolupdy.

Ýene degişli makalalar

19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy
BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Serdar Berdimuhamedow bilen Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi