Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy

Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Bileleşige agza ýurtlaryň döwlet ýa-da hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ÝB-niň Liderleriniň Sammitinde 6-9-njy iýun aralygynda geçirilen Ýewropa Parlamentiniň saýlawyndan soň ÝB-ni gelejek 5 ýylyň dowamynda dolandyrjak ýolbaşçylary saýladylar.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, ÝB Komissiýasynyň Başlyklygyna ýene-de 5 ýyl Ursula fon der Lýaýeniň dowam etmeginiň teklip edilendigini habar berdi.

Mişel ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Portugaliýanyň ozalky Premýer-ministri Antonio Kostanyň saýlanandygyny beýan edip, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatlary boýunça ýokary wekilliğine Estoniýanyň Premýer-ministri Kaža Kallasyň teklip edilendigini habar berdi.

Kostadan daşgary ýolbaşçylar wezipä girişmek üçin 16-njy iýulda ÝP-niň Baş Assambleýasyndan ynam sesini almaly.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Antonio Koşta wezipesine girişer
Brýusselde geçirilen Global Gateway forumynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri beýan edildi