Ante Mişä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nyşany bilen köýnekçe sowgat berildi

Ante Mişä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nyşany bilen köýnekçe sowgat berildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Ante Mişä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň we Ahal futbol klubynyň adyndan 22 belgili köýnekçe sowgat berildi. Ol Haýdukda oýnan belgisi ýerleşdirilen köýnekçäniň sowgat berilmegine juda hoşal boldy.

Ante Mişe häzirki wagtda Saud Arabystanynyň Al-Adala toparyna tälim berýär. Bu topar Türkiýede Ahal bilen ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirdi. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Köýnekçäni Ahalyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew gowşurdy. Ol horwatiýaly hünärmeniň türkmen ýygyndysyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda yzygiderli ýygynda çagyrylan futbolçylaryň biri bolupdy.

Ante Mişe ýakymly sowgat üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna we Ahala köp hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistana salam ýollady diýip, klubyň wekilleri Turkmenportalyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ante Mişäniň türkmen ýygyndysyna 2019 ― 2020-nji ýyllarda tälim berendigini ýatladýarys. Onuň tälimçilik eden döwründe türkmen ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 136-njy orundan 129-njy orna çenli geldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar
Ahal Ante Mişeniň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Oraz Ataýew toparynyň Matç TW-den üstün çykmagyna goşant goşdy
Antep Pahlawasy
Sportuň taryhynda şu gün 21-nji sentýabr
Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary