Antarktikada tapylan ösümlige Ýunus Emräniň ady dakyldy

Antarktikada ylmy işleri alyp barýan türk alymlary täze tapylan suwotuna türki halklaryň belli şahyry Ýunus Emräniň adyny dakdylar. Türkiýäniň Erjiýes uniwersitetiniň mugallymy, professor-doktor Mehmet Gökhan Halyjy Antarktikada daşyň ýüzünde emele gelýän suwotunyň täze görnüşine Ýunus Emräniň adyny dakypdyr.

Stambulyň Tehniki uniwersitetiniň Polýus öwreniş amaly we barlaglary merkezi (PolReC) professor Gökhan Halyjyny ylmy barlaglar geçirmek maksady bilen 2016-njy ýylda Antarktika iberýär.Professor ol ýerde 31 ýurda degişli ýüzden gowrak ylmy merkezlerdäki dürli ylmy işlere gatnaşýar.

Ol Antarktikada Ukraina we Çehiýa Respublikalarynyň ylmy bazalarynda bolanda 150-den gowrak ösümlik görnüşiniň nusgasyny toplap, öwrenmek üçin alyp gaýdýar.Ol getiren ösümlikleriniň arasynda geçiren barlaglarynda üstüni açan sowotunyň täze görnüşine tebigata bolan söýgüsi bilen tanalýan şahyr Ýunus Emräniň adyny dakypdyr. Şeýlelikde, bu ösümlige “Thamnolecania yunusii” ady berlipdir.

Ol Antarktikadaky ilkinji ylmy işine Galindez adasyndaky Ukraina degişli bazada başlapdyr. Soňra bolsa, Jeýms Ross adasyndaky Çehiýa Respublikasynyň bazasynda işläpdir.

Professor Antartikanyň meýdanynyň Ýewropa yklymynyň 1,5 essesine barabardygyna ünsi çekip, ol ýeriň biodürlülige garypdygyny belleýär. Onuň sözlerine görä gury ýerdäki flora ownujak suwotulardan ybarat. Halyjy günorta polýusda bary-ýogy iki görnüşli gülleýän ösümligiň bardygyny aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly aýsbergi
Aýna ýaly kebelek
Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi
Antarktika we Antarktida
Iň uly aýsberg buz mozaikasyna öwrülýär