Antarktikada öňi alynmaly esasy 5 ýagdaý

Antarktikada öňi alynmaly esasy 5 ýagdaý

Antropogen täsir esasynda klimatyň üýtgemegi Antarktikada öňüni alyp bolmajak ýagdaýlary döredýär.Munuň özi eýýäm onuň toprak ulgamyna täsirini ýetirýär we tutuş adamzat hem-de biodürlülik üçin howp salýar.

Wudro Wilson adyndaky Ylmy merkeziň ýanyndaky Polýar institutynyň we Pew Charitable Trusts haýyr-sahawat gaznasynyň wirtual bilermenler iş topary şeýle netijä geldiler.Dürli ylmy ugurlardan Antarktika boýunça alym-hünärmenleriň ylmy garaýyşlary hi-tech.mail.ru saýtynda köpçülige ýetirildi.

Alymlar topary öz netijelerini şu ýylyň 14-24-nji iýunynda Fransiýada geçirilýän Antarktika boýunça ylalaşygyň tarapdarlarynyň her ýylky maslahat beriş ýygnagyna bagyşlanyp çap edilen Klimatyň üýtgemegi we Günorta okeanyň durnuklylygy ýa-da Polýar mümkinçilikleri atly hasabatda tanyşdyrdylar.

Alymlaryň sözlerine görä, Antarktika tutuş dünýä ýüzüniň klimat ulgamyny kadalaşdyrmakda esasy orun eýeleýär.Eger-de Pariž ylalaşygynyň maksatlaýyn görkezijileri ýokarlandyrylsa, Antarktidanyň eremegi sebäpli, deňizleriň suwunyň derejesi has çalt köpeler. Şonda 2060-njy ýyla çenli dünýäde özgeriş pursady bolup geçer — 3º C maýlama bolar we diňe Antarktikanyň buzlarynyň eremegi sebäpli, adamzadyň hiç bir tagallalary 2100-nji ýyla çenli deňiz suwunyň derejesiniň 17-den 21 santimetr ýokarlanmagynyň öňüni alyp bilmez.

Günorta okeanda öňüni alyp bolmajak esasy 5 proses — olar ählumumy derejede adamzada uly howp salýar:

Alymlar Antarktikada klimatyň üýtgemegi bilen bagly has ýiti täsirleriň öňüni almak üçin ähli ýurtlarda ykdysadyýetiň hemme pudaklarynda howa goýberilýän bug gazlarynyň möçberiniň görnetin azaldylmalydygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary
2021-nji ýylyň iýun aýy meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy bolanlaryň hataryna goşuldy
Dünýäniň bäşinji ummany
Aýna ýaly kebelek
Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi