Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy

Howanyň maýlamagy Antarktikada äpet buz böleginiň gopmagyna getirdi.Hünärmenler buz böleginiň Ronne buz meýdanynda bölünip aýrylandygyny habar berdiler. Äpet aýsberg Weddell deňzinde hereket edip başlady.A-76 diýlip atlandyrylan buz häzirki wagtda iň uly aýsberge öwrüldi. Ýewropanyň Kosmos Agentligi (ESA) buzuň Antarktikanyň doňan kenaryndan gopandygyny mälim etdi.

Kosmos agentliginiň web sahypasynda kub görnüşli buz gatlagynyň bir sany suraty hem ýaýradyldy.Bu barada berlen habarda aýsbergiň “Copernicus Sentinel-1” atly taslamanyň çäklerinde emeli hemra arkaly anyklanandygy mälim edildi.

Aýsbergiň meýdanynyň 4 müň 320 kilometre barabardygy, uzynlygynyň 175 kilometrdigi bellendi. Mundan ozalky iň uly aýsberg Weddell deňzindäki A-23A hasaplanýardy.

Adatça, Antarktikadaky we Grenlandiýadaky buz gatlagyndan gopýan äpet bölekler suwuň akymy bilen has ýyly ýerlere akyp gidýär. Soňra bolsa, howanyň we suwuň ýylylygy netijesinde eräp, böleklere bölünýär we ýitip gidýär. 2017-nji ýylda Antarktikadan bölünip aýrylan “A68a” atly aýsberg şu ýylyň başynda eräp gutardy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Äpet buz döwüler
Dünýäniň iň gurak hem iň suwly ýeri
Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary
Antarktikada öňi alynmaly esasy 5 ýagdaý
Dünýäniň bäşinji ummany