Antalýadaky Çagalar festiwalyna dünýäniň 30 ýurdundan 500 çaga gatnaşdy

Belek syýahatçylyk merkezindäki myhmanhanada geçirilen çäre, çagalaryň ýörite egin-eşikleri bilen ýerine ýetiren ýöriş bilen başlady.

Çagalar üçin ençeme şüweleňli çäräniň taýarlanan festiwalda, tans toparlarynyň çykyşlary bilen birlikde, akrobat, şar, wirtual hakykat we jadyly görkezişler ýerine ýetirildi.

Ýörite oýun platformasynyň hem gurulan festiwalda döredilen iýmit we içgi bölüminde çagalara iň halaýan datlylary we tagamlary hödürlendi. Festiwal dronlaryň çykyşlary we çagalaryň uly şowhun bilen tomaşa eden Madrigal Şow bilen tamam boldy.

Myhmanhananyň Baş müdüri Baryş Müselleim çagaly maşgalalaryň dynç alyşlaryna uly ähmiýet berýändiklerini beýan etdi.

Baryş Müselleim: "Dünýäniň tapawutly ýurtlaryndan gelen 500 çaga myhmanymyz şu gün ençeme şüweleňli çäre bilen örän gowy wagt geçirdiler. Olaryň arzuw-hyýallaryny amala aşyrandygymyz üçin şatdyrys. Şular ýaly çäreleri öňümizdäki dynç alyş möwsüminde hem her aý geçireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
Türkmenistanyň we Russiýanyň raýatlary Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alanlaryň sany boýunça iň öňde
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy
TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Gazada Ýogalanlaryň Esasy Bölegi Çagalar we Zenanlar
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi