Antalýa howa menzilinde oktýabr aýynda 4 million 714 müň ýolagça hyzmat berildi

Antalýa howa menzilinde oktýabr aýynda 4 million 714 müň ýolagça hyzmat berildi

Türkiyäniň Ulaglar we infrastruktura ministrliginiň Döwlet howa menzilleri edarasynyň baş müdirligi, Antalýa howa menziliniň oktýabr aýyndaky howa ýoly gatnawy, ýolagçy we ýük statistikalaryny beýan etdi.

Beýanatda, Antalýa howa menziliniň oktýabr aýynda 4 million 206 müň 867 daşary ýurt ýolagçysy bolmak bilen jemi 4 million 714 müň 303 ýolagça hyzmat berendigi habar berildi.

Howa menzilinde oktýabr aýynda 26 müň 560 uçaryň gatnawynyň bolandygy bellenen beýanatda, ýük, poçta we goş mukdarynyň 58 müň 775 tonna ýetendigi mälim edildi.

Beýanatda, şeýle hem 1-nji ýanwar-31-nji oktýabr aralygynda howa menziliniň ýolagçy görkezijisiniň 35 million 504 müň 351, howa hereketiniň 214 müň 423 bolandygy, ýük mukdarynyň bolsa 433 müň 570 tonna ýetendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Türkiýe Syýahatçylykda 12 Göterimlik Ösüşe Garaşýar