Antalýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 15 million adama ýetdi

Antalýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 15 million adama ýetdi

Hünärmen myhmanhanalar dolandyryjylary jemgyýetiniň adaty aýlyk maslahatynda çykyş eden jemgyýetiň başlygy Hakan Saatçioglu üstünlikli möwsüm geçirendiklerini aýtdy.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende syýahatçylaryň sanynda artyş bolandygyny aýdan Hakan Saatçioglu: "16-njy oktýabra çenli, Antalýa we Gazipaşa howa menzilleriniň statistikasyna laýyklykda, 15 million daşary ýurtly myhmany kabul etdik.

Birinji orunda 3 million 250 müň rus, ikinji orunda 2 million 750 müň nemes, üçünji orunda 1 million 300 müň iňlis, dördünji orunda bolsa 1 million 100 müň polýak myhmanlarymyz bar" diýip habar berdi.

Antalýa gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sanynda 7 göterim artyş bolandygyny aýdan Saatçioglu, ýylyň ahyryna çenli 17 million syýahatçy maksadyna ýetip boljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Hamasyň Syýasy Toparynyň Agzasy Haýýe Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi