
2024-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8,28 göterim artdy.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, 2024-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda Antalýa 11 million 731 müň 937 syýahatçy geldi.
8 aýda şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8,28 göterim artdy.
8 aýda Antalýa Russiýadan 2 million 641 müň 849 syýahatçy geldi.
Russiýadan soň sanawda 2 million 235 müň 311 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 1 million 109 müň 997 syýahatçy bilen Britaniýa hem üçünji orny eýeledi.