Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi

Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 7 aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 10,06 göterim artyp 9 million 58 müň 186-a ýetdi.

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 31-nji iýuly aralygynda şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurt 2 million 40 müň 316 adam bilen Russiýa boldy.

Russiýadan soň 1 million 770 müň 225 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 874 müň 356 syýahatçy bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.

Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň hatarynda Polşa, Gollandiýa, Gazagystan, Ruminiýa, Ukraina, Çeh Respublikasy we Slowakiýa hem esasy orun eýeledi.

İýul aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 2,71 göterim artyp 2 million 742 müň 965-e ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Antalýa 5 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
Antalýa 8 Aýda 11 Million 731 Müň 937 Syýahatçy Geldi
Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 10 Milliondan Geçdi
Iýun Aýynda Antalýa Howa Menzilinden 5 Million Ýolagçy Gatnadyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Howa Ýoly Arkaly Antalýa Gelenleriň Sany Taýdan Rekord Goýuldy