Antalýada syýahatçylyk möwsümi indi has ir başlap, has giýç tamamlanýar.
Antalýada 1-nji maýda başlan syýahatçylyk möwsümi noýabr aýynyň soňky hepdesine çenli dowam edýär.
Dynç almaga gelýän adamlar deňize noýabr aýynyň ahyryna çenli girip bilýärler.
Russiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Rumyniýa we Wengriýa ýaly ýurtlar başda bolmak bilen dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtlaryndan gelen myhmanlar Antalýada dynç almaga dowam edýärler.
Sport, saglygy goraýyş, kongres syýahatçylygy bilen dekabr, ýanwar, fewral aýlarynda hem syýahatçylyk işjeňligi dowam edýär.
Sentýabr aýynyň ortasy bolmagyna garamazdan myhmanhanalaryň dolulyk derejesi 90-95 göterim.
Bronlaýyş görkezijilerine görä dolulyk derejesi oktýabr aýynda hem şular ýaly görnüşde dowam etjege meňzeýär.
Beýleki tarapdan bolsa 2025-nji ýyl üçin möhletinden irki rezerwasiýalar dowam edýär.