Awstraliýanyň 5B kompaniýasy aňsatlyk bilen eplenýän Gün panelini işläp düzdi. Üç adamdan ybarat topar bir günde önümçilik kuwwaty 1,1 MWt bolan Gün panelini futbol meýdançasy ýaly meýdana ýerleşdirip bilýär. Öndürijiler bu panelleri işe girizmegiň hem az wagt alýandygyny we aňsatdygyny aýdýarlar.
Zawodda öndürilen paneller blok görnüşinde daňylyp, gurnaljak ýerine äkidilmek üçin ulaga hem aňsatlyk bilen ýüklenilýär.Panel bloklaryny folklift arkaly gysga wagtda düşürip bolýar.Panelleri islendik tekizlige üç adamdan ybarat topar bilen arkaýyn oturdyp bolýar.
Kompaniýa eýýam önümçilik kuwwaty 60 MWt-dan ýokary bolan 100-den gowrak ýerde öz panellerini ýerleşdiripdir.Bu taslama elektrik bökdençligi meselesini gysga wagtda çözmäge mümkinçilik berýändigi sebäpli geljeginiň uludygy bellenilýär.
Kompaniýa şeýle panelleri öndürýän zawodlary dünýäniň başga ýerlerinde hem gurmagy meýilleşdirýär.
Eneşat Gylyçlyýewa, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň mugallymy