Aňsat düşmez. Bilermenler 2023-nji ýyl barada ýaramaz çaklama aýtdylar

Aňsat düşmez. Bilermenler 2023-nji ýyl barada ýaramaz çaklama aýtdylar

Soňky iki ýyl dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmady: 2021-nji ýylda adamzat pandemiýa garşy göreşmeli boldy, 2022-nji ýylda görülmedik hümmetsizlenme bilen çaknyşdy.Golaýlap gelýän 2023-nji ýyl barada aýdanda-da ondan haýsydyr bir gudrata garaşmasa bolar: bilermenler geljek ýylda ykdysadyýetiň ählumumy pese gaçyşlygyny, ýaşyl energetika maýa goýumlarynyň peselmegini hem-de iş düşewüntliliginiň bozulmagyny görýärler diýip, Yeni Şafak gazetiniň synçysy Ýaşar Sünni ýazýar diýip, 1prime neşiri habar berdi.

Bilermen: 2022-nji ýylyň üçünji çärýegine gadam basylan döwürde ykdysady sarsgynlardyr geosyýasy dartgynlylyk özüni has-da ýiti bildirýär, bu bolsa geljek 2023-nji ýyl babatda-da oňyn bolmadyk çaklamalary aýtmak üçin esas döredýär diýdi.

The Economist žurnalynyň seljerijiler topary hem Senagatyň geljegi—2023 atly nutukda awtoulag gurluşygy, sarp ediş harytlary, energetika, maliýe, saglygy goraýyş, tehnologiýalar, jahankeşdelik pudaklary babatda çaklamalary beýan etdi. Nutukda geljek ýyl gaýtadan dikeldilýän çeşmelere islegiň 11 göterim artjakdygy, emma ählumumy ykdysady ösüşiň peseljekdigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny ölçeýän indeksde 7 dereje ýokary galdy