Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew öz diňleýjilerini begendirdi. Ol soňky wagtda döreden aýdymlaryny täze albomyna ýerleşdirip, diňleýjilere ýetirdi.
A.Myradurdyýewiň Zary diýen liriki at berlen täze aýdymlar çemeninde Zary, Janym sen, Saňa döneýin, Melegim, Owadan Nurana, Söýgi-söýgi, Ýok, Leýlim-leý, Diýe-diýe, Buz ýürek, Aýlar, Gerek däl, Maýajan, Diý maňa, Unudaýma atly 15 sany aýdym bar.
Häzirki wagtda halypa aýdymçynyň aýdymlary türkmen diňleýjileriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.A.Myratdurdyýewiň täze albomynda Mähri Pirgulyýewa hem-de Güljahan Beknazarowa ýaly bagyşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilen aýdymlar hem bar.