Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Annabibi Yslamowanyň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli onuň elinden çykan haly önümleriniň sergisi boldy.Serginiň guramaçylary ýubilýaryň işlerini ak öýüň içindäki kysmy ýerleşdirip, olaryň özboluşlylygyna ünsi çekmekden gaça durupdyrlar.
Annabibi Yslamowanyň döredijiligine mahsus däpler bilen täzeçilligiň utgaşygy tejribe ähmiýetli estetika jähtinden haly sungatynyň aýratyn ugurlarynyň biri bilen tanyşdyrdy.Zalyň merkezindäki äpet halylaryň ikisinde milli äheňdäki haly we daşy haly gaply dutar, dürli esbaplar goýlupdyr.
Diwarlardan halylar we horjunlar asylan.Türkmen tire-taýpalary ýarym göçegçi durmuşda ýaşan gadymy döwürlerde zat saklamak üçin we öýüň içiniň bezegi hökmünde horjunyň ähmiýeti uly bolupdyr.Serginiň merkezinde çeper dokalan nepis gapylyk asylyp goýlupdyr.
Iri zatlar satyn alnanda olary salar ýaly uly haly torbalar, zenan torbalary, planşet şekilli talyp gyzlar üçin torbajyklar, şeýle hem dürli reňkli we şekilli çagalar üçin torbajyklar ýaly olaryň dürli görnüşleri goýlupdyr.
Bu üýtgeşik zatlar islegli önümler hasaplanylýar we modany halaýan türkmen zenanlary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaram olaryň hyrydarlarydyr.Dürli görnüşli haly daşlyklar haýran edýär.Olara mysal edip, tikin maşyny ýada kitap üçin daşlyklary görkezse bolar.
Annabibi Yslamowanyň eli degen zadyna haly daş geýdirbemeli ýaly bolup dur.Döwlet çeperçilik ýörüte orta mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Annabibi Yslamowa Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Haly nakgaşy” kafedrasyna mugallymçylyga çagyryldy. Şu ýyllarda ol zehinli okuwçylarynyň ençemesine öz bilim-başarnygyny öwretdi.
Ol: “Indiki talyplar täzeçil pikirlenýän ýaşlar, şonuň üçinem men öz bilýänimi öwredenimde olaryň döredijilik joşgunyny höweslendirmäge çalyşýaryn, özümem olardan köp zat öwrenýärin” diýip gürrüň berýär.Kafedranyň talyplarydyr uçurymlary, şeýle hem ýörüte çeperçilik mekdebinde bile okanlary, Akademiýanyň mugallymlary, dost-ýarlary we nakgaşlar halypany gutlamaga ýygnandylar.
Bu ýere gelenler onuň zehininden dörän işleriniň öňünde ýubilýar bilen surata düşdiler.