Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar

Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar

4-nji we 5-nji martda Türkmenistanyň hemme sebitlerinde diýen ýaly güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Onuň tizligi wagtal-wagtal sekuntda 22 metre ýeter diýip howa maglumaty gullugy habar berýär.

Anna güni Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýeliň tizligi günüň ikinji ýarymynda artar. Sagat 14.00-da şemalyň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýetmegi mümkin. Sagat 17.00-dan başlap günüň ahyryna çenli ýeliň güýjemesi sekuntda 21 metre baryp ýeter. Gije çabgaly-ýagynly bolup, şondan soň ýeliň bady peseler. Gündizine howa​ +21 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda ýeliň öwsüşi anna güni sagat 14.00-dan soň güýjäp ugrar diýip çaklanylýar. Ýeliň aňrybaş tizligi sekuntda 22 metre ýetmegi mümkin. Agşam güýçli ýagyn ýagmagyna garaşylýar, 22,5 mm ygalyň düşmegi mümkin. Gije sebitde ýel ýatyşar.​

Daşoguz welaýatynda şemal anna gününden şenbe gününe geçilen gijesi güýjär diýip garaşylýar. Ýary gije 1,5 mm ygalyň düşmegi mümkin diýip çaklanylýar. Şemalyň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Şenbe güni irden howanyň ýagdaýy aramlaşar, emma günüň ikinji ýarymynda şemalyň tizligi ýene artyp, sekuntda 20 metre çenli ýetmegi mümkin. Howanyň ýagdaýy gije düşmegi bilen kadalaşar.

Mary welaýatynda şemal günüň ikinji ýarymynda güýçlenip ugrar. Sebitde onuň tizligi sekuntda 18 metre ýeter diýip çaklanylýar. Howa​ +26 derejä çenli gyzar.

Lebap welaýatynda şemal anna güni irden güýçlenip ugrar. Ilkibada onuň tizligi sekuntda 16 metr töwerek​ bolsa-da, soň kem-kemden artyp,​ günüň ikinji ýarymynda tizlik sekuntda 21 metre baryp ýetmegi mümkin diýip çaklanylýar. Howanyň ýagdaýy ýary gije kadalaşar.​

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine we çabga garaşylýar
Penşenbe güni Aşgabatda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
24-25-nji martda Türkmenistanda şemalyň güýjemegine garaşylýar
Yssykköli zibilden arassaladylar
Tolkun nädip emele gelýär?
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat