Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport bäsleşigi geçirildi

7-nji dekabrynda Ankaranyň “Konk Halı Saha” sport toplumynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Ankarada akkreditirlenen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu bäsleşik diňe bir sport çäresi bolman, eýsem döwletara parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşanyna öwrüldi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere Ilçihana tarapynda degişli sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Türkmenistan — Somali Federatiw Respublikasy: bilim ulgamynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TBMM-niň başlygy wenger kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Dezinfirmasiýa Global Koloniol Ulgamyň Dowamydyr
Türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýar
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary