Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür

Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür

Türkiye-Yrak gatnaşyklary soňky döwürde özara saparlar bilen möhüm ösüşlere eýe boldy. Şol itergi Bagdatda geçirilen üç taraplaýyn ýygnak bilen täze derejä göterildi. Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn ýakyn wagtda Yraga gitdiler. Kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

Geçirilen gepleşiklerden soň çap edilen bilelikdäki jarnamada Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Remezan aýyndan soň Yraga sapar gurajakdygy habar berildi.

Bilelikdäki jarnamada terrorçylyga garşy göreş üçin köp ýer berildi. Ol ýöne ýeke-täk ugur däldi.

Ankara-Bagdat liniýasyndaky hyzmatdaşlygyň resmi status bilen alnyp barylmalydygy barada ylalaşyga gelindi.

Bilelikdäki jarnamada: “Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda gurluş binýadyny döretmek we şeýlelik bilen yzygiderli aragatnaşyk mehanizmlerini döretmek maksady bilen Özara düşünişmek memorandumy bilen işleri güýçlendirmek barada karara gelindi.

Türkiye Respublikasy we Yrak Respublikasy, gatnaşyklar üçin strategiki binýady döretmek düşünjesi bilen taýýarlanjak bu jarnamanyň üsti bilen iki ýurduň resmileriniň umumylykda, yzygiderli häsýetde we netije alynjak görnüşdäki çemeleşme bilen işleşmek babatynda ylalaşyga geldiler. Şol nukdaýnazardan terrorçylyga garşy göreş, söwda, oba hojalygy, energiýa, suw, saglygy goraýyş we transport ugurlarynda ýörite iş alyp barjak Bilelikdäki hemişelik komitetleri döretmek barasynda kararyna gelindi” diýip bellendi.

Eziz ildeşler. Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiye-Yrak gatnaşyklarynyň energiýa ugruny jikme-jik ýagdaýda ele almak isleýäris. Täze hyzmatdaşlyk başlangyçlarynyň düzümini ýakyndan seljereris.

Yrak, soňky döwürde Türkiye bilen amala aşyryljak taslama uly ähmiýet berýär: "Faw porty we galkynyş ýoly"

Galkynyş Ýoly taslamasy boýunça 1200 km demir ýol liniýasynyň we awtomagistralyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Şeýlelik bilen Türkiyäniň Iskenderun porty bilen Pars aýlagyndaky Faw porty hem demir ýol arkaly hem-de gara ýol arkaly biri-biri bilen birikdiriler.

Taslama Ýewropa Bileleşiginden Pars aýlagy ýurtlaryna çenli bolan aralykdaky sebite täsir ýetirer.

Yrak bilen birlikde Pars aýlagy ýurtlarynyň gazynyň Ýewropa daşalmagy has gysga wagtda amala aşyrylar we has amatly ýagdaýa geler. Şeýlelik bilen Türkiyäniň energiýa merkezi bolmak ugrundaky meýilnamasyna uly goşant goşar.

Türkiye, Yrakyň energiýa çeşmeleri bilen dünýä bazarlaryna çykmagyna kömek etmekde has işjeň rol oýnar.

Galkynyş Ýoly taslamasy mundan başgada Gyzyl deňizde başdan geçirilýän wakalardan we erkin ýagdaýda ýüzýän gämileriň sanynyň azalmagyndan soň Suets kanalyna hem uly bäsdeş bolar.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Bagdada gurajak sapary bilen, bu taslama bilen baglanyşykly möhüm ädimleriň edilmegi meýilleşdirilýär.

Yragyň subut edilen nebit gorlarynyň mukdary takmynan 145 milliard barrele barabardygy çak edilýär.

Dünýädäki nebit gorlarynyň takmynan 8 göterimini özünde jemleýär. Yrak nebitiniň önümçiligi we hili taýdan dünýäde iň arzan nebitleriň biri hökmünde bilinýär.

Prezident Erdoganyň sapary bilen mundan başgada geçen ýylyň aprel aýynda akymy bes edilen Yrak-Türkiye çig nebit geçiriji turbanyň gaýtadan işläp başlamagyna garaşylýar.

Kerkuk Ýurumrtalyk çig nebit turbageçirijisiniň ýyllyk transport kuwwaty 70 million barrelden gowrak. Öňümizdäki döwürde şol geçirijiniň kuwwaty hem giňeldiler. Galkynyş Ýoly taslamasy bilen birlikde täze energiýa geçiriji liniýalarynyň gurulmagy hem gün tertipdedigi aýdylýar.

Türkiye bilen Yragyň arasyndaky söwda mukdary ýylda 25 milliard dollar töweregi. Taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň barha artmagy bilen, göwrümi hasam artdyrmak maksat edinilýär.

Ýene degişli makalalar

Bagdadyň iň uly bazarlarynyň birinde ýangyn boldy
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Terror Guramasy PKK Biziň Üçün we Resmi Bagdat Üçin Uly Dert
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy