Anjelina Joli meşhur fotožurnalist barada filme režissýorlyk eder

Oskarly aktrisa hem-de režissýor Anjelina Joli “Unreasonable Behaviour” (Täsin hereket) atly biografik görnüşdäki filmi surata düşürer.Meşhur fotožurnalist Don MakKulliniň ömür-döredijiligi baradaky filme tanymal aktýor Tom Hardi prodýuserlik eder.

Film häzirki wagtda 85 ýaşynda bolan Don MakKulliniň öz ýazan kitaby esasynda ekranlaşdyrylar.Filmde baş keşbi irlandiýaly fotožurnalistiň keşbini kimiň janlandyrjakdygy anyk belli däl. Ýöne ony Tom Hardiniň janlandyrmagyna garaşylýar.

Filmiň surata düşüriliş işlerine geljek ýyl badalga berler.Bu Anjelina Joliniň režissýorlyk etjek 4-nji filmi bolar.

The post Anjelina Joli meşhur fotožurnalist barada filme režissýorlyk eder appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Uttar-Pradeş ştatynda rikşa bilen ýük ulagynyň çaknyşygynda 11 adam heläk boldy
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär
Gözi nädip goramaly?
Anjelina Joliniň nobatdaky filmi belli boldy
UEFA-da ýylyň futbolçysy Robert Lewandowski