Anjelina Joli Bred Pittiň şowsuzlyklaryna şatlanýar

Anjelina Joli Bred Pittiň şowsuzlyklaryna şatlanýar

Golliwudyň aktrisasy Anjelina Joli öňki ýanýoldaşy aktýor Bred Pittiň kinodaky her bir şowsuzlygyna guş bolup uçaýjak bolýar. Bu barada In Touch Weekly neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Çeşme Apple TV+ striming-ýaýlymynyň ýolbaşçylarynyň Pitt bilen Jorj Kluniniň golaýda ekranlara çykan Ýalňyz gurtlar filminiň kinoteatrlarda görkezilmeli wagtyny azaldandygyny, hatda filmiň mahabatyny alyp barmakdan ýüz öwrüp, aktýorlary kyn ýagdaýa salandygyny habar berdi.

Bu ýagdaýda diňe Anjelina Joliniň keýpi çag, sebäbi ol bu möwsümde Netflix tarapyndan goldawa mynasyp boldy, ýagny aktrisanyň surata düşen Mariýa atly dokumental filminiň Oskar baýragyna dalaşgär görkezilmegi hem mümkin.

Habarda Joliniň öňki adamsy Bred Pittiň aktýor Jorj Kluni bilen dostlugyny halamaýandygy bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
“Barbi” filminiň ýyldyzlary ýene bir filmde surata düşerler
Apple Bred Pitt bilen “Formula-1-iň” ýaryşyjysy barada film surata düşürer
Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Bred Pitt kinodaky işiniň jemleýji tapgyry barada gürrüň berdi
Kalmar oýny’: Lebabyň bir gije klubynda düzgünsiz uruşlar geçirilýär