Angolada dünýädäki iň uly gülgün almaz tapyldy

Angolada dünýädäki iň uly gülgün almaz tapyldy

Angolanyň demirgazyk-gündogarynda agramy 170 karat (0,2 grama barabar ölçeg daşy) bolan Lulо Rose atly gülgün almaz tapyldy diýip, bu ýurduň SABC radioýaýlymy Awstraliýanyň Lucapa Diamond Company kompaniýasyna esaslanyp habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu daş soňky 300 ýylda dünýäde gazylyp alnan iň iri gülgün almaz bolup durýar. Emma taraşlanandan soňra almazyň öz agramynyň ýarysyny ýitirýändigi üçin täze tapyndy öň 71,2 million amerikan dollary baha kesilen we agramy 59,5 karata deň bolan Pink Star gülgün almazy bilen deň agrama eýe bolar.

Öň Angolada tapylan iň iri almazyň 404 karat agramy bolup, ony Lulo käninde 2016-njy ýylda tapdylar we ýurduň Garaşsyzlygynyň hormatyna 4-nji fewral diýip atlandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

131 karatlyk göwher tapyldy
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy
Tokaýlaryny gaýtadan dikeldýär
Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi