Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy

Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy

Angolanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lulo käninden agramy 131 karat bolan zergärçilik hilli ak almaz tapyldy. Bu barada penşenbe güni agzalan käni Angolanyň Endiama döwlet kärhanasy bilen bilelikde özleşdirýän Awstraliýanyň Lucapa Diamond Company kompaniýasyna salgylanýan Günorta Afrikanyň SABC radiostansiýasy habar berdi.

Almaz öňem Lulonyň şol meýdançasyndan agramy 160 karat bolan almaz tapylanynyň yzýany - 11 gün geçenden soň tapyldy diýip ol belleýär.Angolanyň çäginden tapylan iň uly almazyň agramy 404 karatdyr.

Ol 2016-njy ýylyň fewral aýynda Lulodan tapyldy we Angolanyň garaşsyzlyk gününiň hormatyna "4-nji fewral" diýip atlandyryldy.Angola - tapylýan almazlaryň göwrümi boýunça Afrikada Botswandan soň ikinji ýurtdur. Üstümizdäki ýylda Angola şu hili gymmat bahaly daşlaryň 10 mln karatyny tapmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

131 karatlyk göwher tapyldy
Üç ýüz ýylyň iň uly göwheri
Angolda 170 Karatlyk Almaz Tapyldy
Jo Baýden Afrikaly Liderler Bilen Duşuşdy
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär