Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) edarasy “Çelsi” futbol klubunyň amerikaly işewür Todd Boeiliniň konsorsiumyna satylmagyny makullady. Bu barada APL-iň metbugat gullugy habar berýär.
Satyn alma henizem Beýik Britaniýanyň hökümetiniň satuw üçin zerur ygtyýarnamany bermegine we şertnamanyň jemleýji tapgyrlarynyň kanagatlanarly tamamlanmagyna bagly.Häkimiýetler klubuň öňki eýesi russiýaly Roman Abramowiçden topary satmagyň netijesinde hiç hili serişde almajakdygyna berk kepillik talap edýärler.
Boeliniň topary “Çelsi” üçin 4,25 mlrd funt ($5,24 mlrd) teklip etdi.Bulardan 2,5 mlrd funt klubuň özi üçin tölener, ýene 1,75 mlrd funt ($2,16 mlrd) onuň ösüşine maýa goýulmaly.
Sky News-iň maglumatlaryna görä, şertnama geljek 10 ýylda klubuň paýnamalarynyň satylmagyny we diwidendleriň tölenmegini gadagan etmegi göz öňünde tutýar.