Beýik Britaniýanyň Korollyk awtoklubunyň öňki ýerine ýetiriji direktory Debbi Hýuit aprel aýynda Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyna ýolbaşçy bellenilip biler. 57 ýaşly zenan bu wezipä esasy dalaşgär bolup durýar, diýip The Times neşirine salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.
Eger-de Hýuitt bu wezipä bellense, 157 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek iňlis futbol edarasyny zenan maşgala dolandyrar. Hýuitiň 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirmek üçin Angliýa-Irlandiýa bilelikdäki arzasyna ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar. Şeýle hem onuň Liwerpulyň janköýeridigi bellenilýär. Assosiasiýanyň täze başlygy geçen ýylyň noýabr aýynda wezipesinden boşadylan Greg Klarkyň ornuna saýlanar.