Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy

Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy

Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze kagyz pullaryň satuwyny geçirdi we umumy 914 müň funt sterling (1,17 mln dollar) gazandy. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

MB-niň habaryna görä, bu söwdalaşyklarda banknotlar üçin rekord nyrh gazanyldy, 50 funtluk kagyz pul 26 müň funta satyldy. Şeýle-de HB01 00002 belgili 10 funt sterlinglik kagyz pul üçin 17 müň funt tölenildi.

Angliýanyň Banky toplanan serişdeleri 10 sany haýyr-sahawat guramalaryna, şol sanda eklenji pes bolan maşgalalardaky çagalara kömek bermek bilen meşgullanýan The Childhood Trust, psihologiki kynçylyklary bolan adamlara kömek edýän Shout we gyssagly kömek üçin lukmanlaryň dikuçarda uçuşlaryny töleýän London's Air Ambulance Charity guramalaryna bermekçi.

Karl III keşbi şekillendirilen banknotlar 2024-nji ýylyň iýunynda dolanyşyga goýberildi. Patyşa aýal Ýelizaweta II keşbi ýerleşdirilen pullar kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Beýik Britaniýanyň Şa zenany barada kitaplar
Paýhaslar
Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi
Şa zenanyň öňki athanasy satuwa çykarylýar