Angliýaly meşhur tälimçi aradan çykdy

Iňlis futbolynyň belli şahsyýetlerinden tanymal futbolçy hem-de tälimçi Terri Weneýbls 80 ýaşynda aradan çykdy.Uzaga çeken hassalykdan soň aradan çykan Terri Weneýbls karýerasy boýunça “Çelsi”, “Tottenham”, “Kuins Park Reýnjers” klublarynyň köýnekçelerini geýdi.

Angliýanyň milli ýygyndysyna, Awstraliýanyň milli ýygyndysyna şol sanda “Kristal Palas”, “Kuins Park Reýnjers”, “Barselona”, “Tottenham”, “Middlsbro”, “Lids Ýunaýted” klublaryna tälim berdi.Weneýblsiň tälimçiliginde Angliýanyň ýygyndysy EURO 1996-da ýarym finala çykyp, penaltileriň netijesinde Germaniýadan asgyn gelipdi. 1984/85 möwsüminde “Barselonany” çempion eden tälim Weneýbls “Tottenham” toparyna 1991-nji ýylda FA Kubogyny gazandyrypdy. “Barselona” Weneýblsiň gazandyran çempionlygyndan öň 11 ýyllap ýeňiji bolmandy.

Karýerasynyň agramly bölegini “Çelside” geçiren Weneýbls 602 oýunda 61 gol geçirdi. Ýarymgoragçynyň ornuna çykyş eden Weneýbls “Barselona” toparyna Ispaniýanyň Şa Kubogyny hem gazandyrypdy. “Barselona” onuň tälimçiliginde 1986-njy ýylda Çempionlar Ligasynyň finalyna çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“ABŞ, Ukrainanyň Özygtyýarlygyna we Territorial Bitewiligine Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen duşuşdy
Daşky gurşawyň goragynda
Kanadada Aşa Yssy Howa Sebäpli Adam Pidalary Artýar
Türkmen prezidenti çeh hünärmenlerine öz atlarynyň şekili çekilen wiski bulgurlaryny buýurdy