
Walensiýanyň hüjüme ýakyn oýnaýan ýarym goragçysy Gonsalu Gedeş karýerasyny APL-de dowam etdirer.
Portugaliýaly futbolçylara ýakynlygy bilen tanalýan Wulwerhempton kluby 25 ýaşly ýarym goragçyny 30 million ýewro baha bilen satyn aldy hem-de 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi.
Gedeş soňky 5 möwsümi La Liganyň klubynda geçiripdi. Geçen möwsümde bolsa ol 36 duşuşykda meýdana girip, 11 gezek tapawutlandy we 6 goluň assistini berdi.