Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýadan utulan Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesini taşlady.Ol 8 ýyldan bäri topara tälim berip gelýärdi.Angliýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda Ýewropa çempionatynda 2 gezek finala çykdy. Ýöne 2-sinde hem ýeňlişe sezewar boldy.

EURO 2020-de Londonda penaltileriň netijesinde Italýadan asgyn gelen iňlisler 2 gün öňem EURO 2024-iň finalynda Berlinde Ispaniýadan 2-1 ýeňildi.Angliýanyň ýygyndysy Sautgeýtiň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda 2018-nji ýylda ýarym finala, 2022-nji ýylda çärýek finala çykdy.

Sautgeýt Angliýanyň ýygyndysyna 102 duşuşykda tälimçilik edip, ol 64 oýunda ýeňiş gazandy. 18 oýunda-da utulyp, 20 duşuşykda deňme-deň netije görkezdi.Ol Angliýanyň ýygyndysynda 100-den gowrak oýunda tälimçi bolan 3-nji şahsyýetdir.

Sautgeýtiň ornuna Potteriň, Karsliniň, Kloppuň atlary agzalýar.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
Ispaniýanyň ýygyndysy näçe pul baýragyny gazandy?
Angliýa faworit, ýöne…
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny